Holand 63 başlangyç oýnunda 58 gol geçirip, Bundesliganyň rekordyny goýdy

17.04.2022, 19:239,187

Dortmundyň "Borussiýasynyň" hüjümçisi Erling Holand Bundesliganyň 30-njy tapgyrynyň "Wolfsburg" bilen oýnalan oýnunda (6:1) garşydaşynyň derwezesine iki gezek pökgi geçirdi. Indi norwegiýaly hüjümçiniň hasabynda Bundesliganyň 63 sany başlangyç oýnunda salnan 58 gol bar, bu bolsa turniriň rekordy hasaplanýar. Bu barada PokerStars habar berýär. 

Erling Holand 2020-nji ýyldan bäri "Borussiýa Dortmundyň" düzüminde çykyş edýär. Şu möwsümde norwegiýaly hüjümçi "Borussiýa Dortmundyň" düzüminde oýnan ähli turnirlerinde 25 gol saldy we 7 gezek topy topardaşyna  netijeli geçirdi.
Bundesliganyň bombardiri ugrundaky ýaryşda Erling Holand 18 sany goly bilen üçünji ýerde durýar. 32 gol salan Robert Lewandowski ýaryşyň başyny çekýär. 
"Wolfsburgy" ýeňlişe sezewar eden "Borussiýa Dortmund" 63 utugy bilen nemes Bundesligasynyň jetwelinde ikinji ýerde durýar. Ýaryşyň başyny Mýunheniň 69 utukly "Bawariýasy" çekýär.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.