Türkmenistan RF-niň we Täjigistanyň Parlamentleri bilen hyzmatdaşlyk resminamalaryna gol çekdi

13.05.2022, 08:5614,981

Merkezi Aziýa döwletleriniň we Russiýa Federasiýasynyň Parlamentara forumynyň netijeleri boýunça hyzmatdaşlyk etmek hakynda iki sany Ylalaşyklara gol çekildi.

Şeýlelikde, Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow we Russiýa Federasiýasynyň Federal Ýygnagynyň Federasiýa Geňeşiniň Başlygy Walentina Matwiýenko Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahaty bilen Russiýa Federasiýasynyň Federal Ýygnagynyň Federasiýa Geňeşiniň arasynda hyzmatdaşlyk etmek hakynda Ylalaşyga gol çekdiler.

Şeýle-de, Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow we Täjigistan Respublikasynyň Oli Majlisiniň Milli Majlisiniň Başlygy Rustami Emomali Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahaty bilen Täjigistan Respublikasynyň Oli Majlisiniň Milli Majlisiniň arasynda hyzmatdaşlyk etmek hakynda Ylalaşyga gol çekdiler.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.