Walentina Matwiýenko Türkmenistanyň «Hyzmatdaşlygy ösdürmäge goşandy üçin» ordeni bilen sylaglandy

13.05.2022, 09:3428,980

Russiýa Federasiýasynyň Federal Ýygnagynyň Federasiýa Geňeşiniň Başlygy Walentina Matwiýenko Türkmenistanyň «Hyzmatdaşlygy ösdürmäge goşandy üçin» ordeni bilen sylaglandy. 

Bu döwlet sylagyny Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow 12-nji maýda Aşgabatda Merkezi Aziýa döwletleriniň we Russiýa Federasiýasynyň Parlamentara forumynyň çäklerinde gowşurdy.
Forumyň çäklerinde Russiýa Federasiýasynyň Federal Ýygnagynyň Federasiýa Geňeşi bilen Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň arasynda hyzmatdaşlyk etmek hakyndaky ylalaşyga gol çekildi. Bu resminama Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Russiýa Federasiýasynyň Federal Ýygnagynyň Federasiýa Geňeşiniň Başlygy Walentina Matwiýenko tarapyndan gol çekildi.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.