MEBATO utuşly aksiýa yglan etdi, esasy baýrak — ýeňil awtoulag

18.05.2022, 16:0351,388
1 / 4

«Mebato» brendi utuşly aksiýa yglan edendigini habar berdi. Aksiýa gatnaşmak üçin Mebato brendiniň paýtagtymyzdaky hem-de bäş welaýatdaky söwda dükanlaryndan 1000 manatlyk söwda edip, 1 sany utuşly petek alyp bolýar.

Utuşly aksiýa 2022-nji ýylyň 10-njy maýyndan 10-njy iýuny aralygynda dowam edýär.
Petekleriň arasynda boşy ýok, esasy baýrak bolsa — ýeňil awtoulag. Beýleki baýraklaryň hatarynda — smartfonlar, holodilnikler, kir ýuwujy maşynlar, telewizorlar, pylesoslar, gaz plitalary, mikrotolkunly peçler, ütükler we başga-da köpsanly ululy-kiçili sowgatlar bar.

2017-nji ýylda esaslandyrylan «Mebato» haryt nyşanly dükanlarda ýokary hilli erkek egin-eşikleriniň, erkek içki geýimleriniň hem-de çaga eşikleriniň giň toplumy hödürlenilýär.

Habarlaşmak üçin telefon belgileri:
+993 61 34 03 34
+993 62 35 03 35

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.