Serdar Berdimuhamedow Braziliýanyň Prezidentine ýurtdaky weýrançylykly tebigy hadysalar zerarly gynanç bildirdi

01.06.2022, 01:5528,282

Prezident Serdar Berdimuhamedow Braziliýa Federatiw Respublikasynyň Prezidenti Žair Bolsonaruwa ýurduň Pernambuku ştatynda güýçli ýagyşlar sebäpli emele gelen suw joşmalarynyň, süýşgünleriň köp sanly adam pidalaryna, şikes ýetmelere hem-de uly möçberli weýrançylyklara getirendigi zerarly gynanç hatyny iberdi.

Döwlet Baştutany şu agyr pursatda gurban bolanlaryň dogan-garyndaşlaryna we ýakynlaryna ýürekden gynanjyny, medet beriji sözlerini beýan etdi hem-de ejir çekenlere tiz wagtda sagalmaklary baradaky dileglerini aýtdy.
Öň habar berşimiz ýaly, Braziliýanyň demirgazyk-gündogaryndaky Pernambuku ştatynda weýrançylykly suw joşmasy netijesinde köp sanly adam pidalary bolup geçdi.
Çagbaly ýagyşlar eýýäm birnäçe günden bäri Resifi şäherinde (Pernambuku ştaty) dowam edýär. Braziliýanyň paýtagtynda hem-de ýene-de sebitiň 13 sany munisipalitetinde adatdan daşary ýagdaý yglan edildi.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.