Raşid Meredow Nur-Sultanda ministrler derejesindäki «Merkezi Aziýa — Hytaý» duşuşygyna gatnaşar

06.06.2022, 01:4314,510

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow 7-8-nji iýunda Gazagystan Respublikasynyň Nur-Sultan şäherinde gulluk iş saparynda bolar. Bu baradaky degişli Buýruga Prezident Serdar Berdimuhamedow gol çekdi.

Resminamada bellenilişi ýaly, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow Merkezi Aziýa — Hytaý döwletleriniň daşary işler ministrleriniň nobatdaky üçünji duşuşygynyň işine gatnaşar hem-de ikitaraplaýyn duşuşyklary geçirer.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.