Modriç «Real» bilen täze şertnama gol çekişdi

09.06.2022, 17:3110,362

Horwatiýanyň futbol boýunça milli ýygyndysynyň ýarym goragçysy Luka Modriç Madridiň «Realy» bilen şertnamasyny uzaltdy diýip, futbol klubunyň metbugat gullugyna salgylanýan interfax.ru ýazýar.  

Täze ylalaşyk 2023-nji ýylyň 30-njy iýunyna çenli hereket eder.
36 ýaşly Modriç «Reala» 2012-nji ýylda Londonyň «Tottenheminden» geçipdi. Ol Madridiň klubunyň düzüminde bäş gezek Çempionlar Ligasynda, dört gezek Ispaniýanyň Superkubogynda we klublaýyn dünýä çempionatynda, üç gezek Ispaniýanyň çempionatynda we UEFA-nyň Superkubogynda, bir gezek Ispaniýanyň Kubogynda ýeňiş gazandy. 
Modriç Horwatiýanyň ýygyndysynyň düzüminde 2018-nji ýylda Russiýada geçen dünýä çempionatynda kümüş medala eýe boldy. Şol ýylyň özünde hem «Altyn pökgä» mynasyp boldy.

 

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.