Berdiýew Eýranyň “Traktor” klubunyň baş tälimçisi we tehniki müdiri boldy

21.06.2022, 06:4217,425

Kazanyň “Rubin” futbol klubunyň we “Rostowyň” öňki baş tälimçisi Gurban Berdiýew Eýranyň “Traktor” klubuna ýolbaşçy boldy. Bu barada toparyň metbugat gullugy habar berýär diýip, gazeta.ru belleýär.

Şeýle-de, 69 ýaşly hünärmen klubuň tehniki müdiri bolar. Berdiýew 4-nji iýulda wezipe borçlaryny ýerine ýetirmäge girişer.

“Biz Berdiýewiň tejribesine we yhlasyna hem-de janköýerleriň goldawyna bil baglaýarys. “Traktoryň” belentliklere tarap täze ýoly başlandy” – diýlip, klubuň saýtyndaky beýanda aýdylýar.

6-njy iýunda Gazagystanyň “Kaýrat” kluby Berdiýew bilen şertnamanyň ýatyrylandygyny habar berdi. Onuň bilen bilelikde klubdan onuň kömekçileri Dmitriý Kiriçenko, Iwan Danilýans, Eduard Kunduhow we Andreý Masýura-da gitdi.
Geçen möwsümde “Traktor” Pars aýlagynyň ligasynyň jedwelinde 13-nji orny eýeledi. 

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.