Özbegistanda prezidentiň ygtyýarlyklarynyň möhletini 7 ýyla çenli uzaltmak teklip edilýär

27.06.2022, 13:2412,175

Özbegistanyň prezidentiniň ygtyýarlyk möhletlerini 5 ýyl bolanlygyndan 7 ýyla çenli uzaltmak meýilleşdirilýär. Bu  25-nji iýunda ählihalk ara alnyp maslahatlaşylmagyna hödürlenen, ýurduň Konstitusiýasyna düzedişleri girizmek hakyndaky kanunyň taslamasynda göz öňünde tutulandyr diýip, gazeta.uz habar berýär.

Resminama Konstitusiýanyň 90-njy maddasynyň 2-nji bölegine üýtgetmeleri girizmegi, has takygy "bäş" sözüni "ýedi" sözi bilen çalyşmaklygy göz öňünde tutýar.
Senatyň başlygynyň birinji orunbasary Sadyk Safaýew täze Konstitusiýanyň kabul edilmegi ähli raýatlara, şol sanda häzirki prezidente döwlet baştutanynyň saýlawlaryna gatnaşmaga mümkinçilik berer diýip belleýär.
Soňky gezek prezidentiň ygtyýarlyklarynyň möhleti 2011-nji ýylda üýtgedilipdi. Şol gezek möhlet 7 ýyldan 5 ýyla çenli azaldylypdy.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.