Türkmenistan bilen Özbegistan Respublikasynyň arasynda strategik hyzmatdaşlyk boýunça Ýokary geňeşi döretmek hakynda şertnama baglaşyldy. Resminama Awazadaky ýokary derejeli çärelere gatnaşmak üçin Türkmenistana gelen Özbegistanyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew bilen Serdar Berdimuhamedowyň arasynda geçirilen duşuşygyň netijeleri boýunça gol çekildi diýip, «Watan» habarlar gepleşiginde aýdyldy.
Iki ýurduň Liderleriniň duşuşygynda Türkmenistanyň Prezidenti Konsultatiw duşuşyga hem-de GDA-nyň döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisine gatnaşmaga çakylygy kabul edendigi üçin özbek kärdeşine minnetdarlyk bildirdi.
Söhbetdeşlikde Türkmenistan bilen Özbegistan Respublikasynyň arasyndaky dostlukly we hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklarynyň uzak möhletleýin we strategik häsiýete eýedigi bellenildi. Döwlet Baştutany iki ýurduň BMG-niň, YHG-yň we GDA-nyň çäklerinde netijeli hyzmatdaşlyk edýändigini, birek-biregiň başlangyçlaryny yzygiderli goldaýandygyny nygtady.
Şeýle-de, söwda-ykdysady ulgamda baý tejribäniň toplanandygy, geçen ýylyň noýabr aýynda Türkmen-özbek serhetýaka söwda zolagynyň açylmagynyň munuň aýdyň subutnamasydygy bellenildi. Ulag we logistika pudagynda bilelikdäki geljegi uly taslamalary durmuşa geçirmäge aýratyn üns berildi.
Serdar Berdimuhamedow medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlyk barada gürrüň edip, Medeniýet günleriniň, festiwallaryň we sungat hem ylmy işgärleriň dialogynyň iki halkyň medeniýetlerini baýlaşdyrmakda uly ähmiýete eýedigini belledi.
Söhbetdeşligiň ahyrynda taraplar birek-birege berk jan saglyk, iki ýurduň doganlyk halklaryna bolsa abadançylyk we rowaçlyk arzuw etdi.