2027-nji ýylda Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynda başlyklyk etmek nobaty Özbegistana geçer. Şeýle çözgüt Awazada geçirilýän GDA-nyň döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisinde yglan edildi diýip, THP ýazýar.
Arkalaşyga ýolbaşçylyk etmegiň gezekleşdirilmeginiň çäginde kabul edilen çözgüt barada GDA-nyň Baş sekretary Sergeý Lebedew habar berdi.
Şol bir wagtyň özünde Azerbaýjan bu döwürde Arkalaşygyň egindeş başlygy hökmünde çykyş eder. Azerbaýjanyň Prezidenti Ilham Aliýew bu çözgüdi goldandyklary üçin kärdeşlerine minnetdarlyk bildirip, muny ýokary ynamyň subutnamasy hökmünde bahalandyrdy.
Mundan başga-da, Azerbaýjan döwletiniň Baştutany respublikanyň 2028-nji ýylda GDA-da doły derejeli başlyklygy öz üstüne almaga taýýardygyny resmi taýdan beýan etdi. Bu ygtyýarlygyň çäklerinde 2028-nji ýylyň güýzünde Arkalaşygyň döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň nobatdaky mejlisini guramak meýilleşdirilýär.