«Barselona» «Kamp Nou» stadionynyň adynyň üýtgändigini mälim etdi

02.07.2022, 13:0313,851

«Barselona» özüniň «Kamp Nou» stadionynyň adyny üýtgedýär diýip, klubyň resmi saýty habar berýär. Indi ol «Spotify Kamp Nou» diýip atlandyrylar. 

Täze at berilmegi - "Barselona" bilen Spotify kompaniýasynyň arasyndaky geleşigiň bir bölegidir. Hemaýatkäriň arkasyndan katalonlar goşmaça maliýe serişdesini alarlar diýip, gazeta.ru ýazýar. 
Spotify - bu Şwesiýanyň aýdym-saz striming hyzmatydyr. Ispan klubynyň ýolbaşçylary geleşik baglaşylandan soň, alynjak pulunyň mukdaryny agzamady. Emma öň dürli insaýderler bu hemaýatkäriň üsti bilen klubuň 300 mln ýewro gazanyp biljekdigini tassykladylar.
Spotify-yň eýesi şwesiýaly işewür Daniel Ekdir. Onuň baýlygy 3,5 mlrd ýewrodan gowrak diýip bahalandyrylýar.
«Barselonanyň» ýolbaşçylary klubuň çynlakaý maliýe kynçylyklarynyň bardygyny ençe gezek aýdypdylar. Futbolçylaryň aýlyk haklarynyň ep-esli kemeldilmeli bolýandygy barada aýdylypdy.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.