Altyn bäş hepdeläp aşaklamadan soň gymmatlaýar

23.07.2022, 16:1917,088

Anna güni altynyň bahasy ýene galyp ugrady we bäş hepdelik arzanlaýyşdan soň, bu hepdäni gymmatlan baha bilen tamamlasa gerek diýip, MarketWatch ýazýar.

Nýu-Ýorkuň haryt biržasynda (NYMEX) awgust şertnamalarynyň kotirowkasy söwdalaşyklaryň dowamynda 0,6% - unsiýasy 1724,20 dollara çenli göterilýär.
Sentýabrda goýberilmeli kümüş bahasynda 0,1%  ýitirdi we unsiýasy 18,70 dollar bahalandyrylýar.
Amerikan döwlet obligasiýalarynyň girdejisiniň peselmegi bu hepde altynyň peýdasyna boldy diýip, OANDA-nyň uly bazar seljerijisi Kreýg Erlam belleýär. Anna güni 10 ýyllyk US Treasuries-iň girdejililigi 2,82% töweregi boldy, ol penşenbe gününiň söwdalaşyklaryndan bäri başkysyndan 20 punkt  pese gaçdy.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.