Volkswagen-iň ýolbaşçysy Gerbert Diss wezipesinden aýrylar

24.07.2022, 19:536,648

1-nji sentýabrda Gerbert Diss Volkswagen AG nemes öndürijisiniň dolandyryjylarynyň maslahatynyň başlygy wezipesinden gider diýip, kompaniýanyň metbugat relizinde aýdylýar. 

Porsche-niň bölümçesinde edil şonuň ýaly wezipäni eýeleýän Oliwer Blum täze ýolbaşçy bolar. Blum Volkswagen-de 1994-nji ýyldan bäri işleýär. 
Mundan hem başga, Volkswagen-iň baş maliýe direktory Arno Antlis kompaniýanyň baş operasion direktorynyň  wezipesini hem utgaşykly alyp barar.
Diss Volkswagen toparyna 2018-nji ýylda baştutanlyk etdi, ol ondan öň adybir brendiň ýolbaşçysydy.
Anna güni Volkswagen-niň paýnamalary 1,2% arzanlady, emma kompaniýanyň ýolbaşçysynyň çalyşýandygy baradaky habar Frankfurtdaky birža ýapylandan soň mälim edilipdi. Ýylyň başyndan bäri kompaniýanyň kapitallaşdyrylmasy  24%, 84 mlrd ýewro çenli gysgaldy.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.