Täze iPhone 14 birbada birnäçe ýurtda öndüriler

08.08.2022, 17:1717,118

Apple-iň esasy hyzmatdaşy bolan Foxconn kompaniýasynyň ýeke bir Hytaýda däl, eýsem, Braziliýada we Hindistanda hem iPhone öndürýän önümçilik bölümleri bar. Emma öň onuň täze model öndürýän esasy önümçilikleriniň ählisi Hytaýda jemlenýärdi. Indi ýagdaý üýtgedi. Insaýder Ming-Çi Kuo  Apple-iň iPhone 14-i hem Hindistanda, hem Hytaýda deňine  öndürip başlajakdygyny gürrüň berdi. 

Kuonyň belleýşi ýaly, adaty ýagdaýlarda Hytaýyň çäginden daşarda täze iPhone-nyň önümçiligini ýola goýmak üçin adatça birnäçe aý gerek bolýar. Mysal üçin, şol ady agzalan Foxconn şu ýylyň aprel aýynda Hindistanda  iPhone 13-i ýygnamaga başlady, şol bir wagtda onuň Braziliýadaky önümçiligi birnäçe hepdeden soň ýola goýuldy.  Emma agzalan ýagdaýda  şeýle usul bilen hytaý iPhone-larynyň ýetmezçiliginiň üstüni ýetirmegi mümkin. 

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.