Halkara küşt federasiýasynyň wise-prezidentleri saýlandy

09.08.2022, 08:476,857

Hindistanyň Çennaý şäherinde geçirilýän 44-nji Bütindünýä küşt olimpiadasynyň çäklerinde Halkara küşt federasiýasynyň (FIDE) kongresi bolýar. Kongresiň soňky gününde ýokary küşt edarasynda ýolbaşçy wezipeler üçin saýlawlar başlandy.

Trend-e Azerbaýjanyň küşt federasiýasynda habar berilmegine görä, dalaşgärleriň çykyşlaryndan soň FIDE-niň prezident saýlawlary boldy. Bu saýlawlarda FIDE-niň häzirki prezidenti Arkadiý Dworkowiç 157 ses alyp, ýeňiş gazandy. Ol geljek dört ýylyň dowamynda ýokary küşt edarasynda ýolbaşçy wezipesinde öz işini dowam etdirer.
Hindistandan dünýä çempiony Wişwanatan Anand, Azerbaýjanyň küşt federasiýasynyň prezidenti Mahir Mamedow we Norwegiýanyň küşt federasiýasynyň prezidenti Ýoran Aulin-Ýansson geljek dört ýyl üçin Halkara küşt federasiýasynyň wise-prezidentleri saýlandy. 

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.