Dworkowiç FIDE-niň prezidenti wezipesine gaýtadan saýlandy

09.08.2022, 08:434,510

Russiýaly Arkadiý Dworkowiç Halkara küşt federasiýasynyň (FIDE) prezidenti wezipesine gaýtadan saýlandy. Saýlawlar Hindistanyň Çennaý şäherinde geçirilen FIDE-niň Baş Assambleýasynda boldy diýip, TASS habar berýär.

Dworkowiçden başga-da FIDE-niň prezidenti wezipesine ukrainaly Andreý Barişpoles dalaş etdi. Belarusly Inalbek Şeripow we fransiýaly Bahar Kuatli öz kandidaturalaryny yzyna aldylar. Kongrese 194 wekil gatnaşyp, olaryň 179-sy ses berdi, bir ses güýçsüz diýlip hasaplanyldy, bäş wekil ses bermekden saklandy. Dworkowiç üçin 157 ses, Barişpoles üçin 16 ses berildi.
Dworkowiç 50 ýaşynda, ol 2018-nji ýylyň oktýabr aýyndan bäri FIDE-e ýolbaşçylyk edýär. Guramanyň prezident wezipesinde ol FIDE-e 1995-nji ýyldan bäri ýolbaşçylyk eden russiýaly Kirsan Ilýumžinowyň ornuny çalşyrdy. 

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.