Gurbanguly Berdimuhamedow Sindzo Abeni soňky ýoluna ugratmak çäresine gatnaşmak üçin Ýaponiýada bolar

19.08.2022, 07:4840,573

Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow 27-nji sentýabrda Ýaponiýanyň ozalky Premýer-ministri Sindzo Abeni döwlet derejesinde soňky ýoluna ugratmak çäresine gatnaşar. Bu barada Ýaponiýanyň Premýer-ministri Fumio Kisidanyň Prezident Serdar Berdimuhamedowa iberen hatynda aýdylýar.

Hususan-da, hatda: “Siziň Alyhezretiňize, Ýaponiýanyň ozalky Premýer-ministri Sindzo Abeniň pajygaly ýagdaýda biwagt aradan çykandygy zerarly, gynanç bildirendigiňiz hem-de medet beriji sözleriňiz üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirýärin. Şu ýylyň 11-nji iýulynda bolsa Siziň Alyhezretiňiziň adyndan merhumyň ýagty ýadygärligine bagyşlanyp, gurbanlyk sadakasy berildi. Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň 27-nji sentýabrda Ýaponiýanyň ozalky Premýer-ministri Sindzo Abeni döwlet derejesinde soňky ýoluna ugratmak çäresine gatnaşmaga isleg bildirendigi üçin hem hoşallyk bildirýärin” diýlip bellenilýär. 

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.