Sony ykjam telefonlar üçin oýunlary işläp düzüji bölümçäni döretdi

01.09.2022, 11:055,001

Ýaponiýanyň Sony Group Corp. kompaniýasy ykjam telefonlar üçin oýunlary işläp düzüji bölümçäni döretdi diýip, PlayStation.Blog habar berýär. Bölümçe PlayStation Studios Mobile Division diýlip atlandyrylýar. Kompaniýa onuň PlayStation oýun konsollaryny öndüriji segmentden garaşsyz işlejekdigini belledi. Şeýlelik bilen, Sony oýun biznesini diwersifikasiýalaşdyrmagy maksat edinýär diýip, interfax.ru belleýär.

Mundan başga-da, Sony täze bölümçäniň düzümine girjek mobil oýunlary işläp düzüji Savage Game Studios-y satyn alandygyny habar berdi.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.