Türkmenistan Dzýudo boýunça Ýewropanyň açyk çempionatynyň birinji gününde 2 altyn medal gazandy

04.09.2022, 18:2232,574

Awstriýanyň Oberwart şäherinde geçirilýän Dzýudo boýunça Ýewropanyň açyk çempionatynyň ilkinji bäsleşik gününde türkmen türgenleri iki sany altyn medala eýe boldular. 60 kg agramda final ýaryşynda fransuz türgeni Rişar Wernýeden üstün çykan Hakberdi Jumaýew biziň ýygyndy toparymyza birinji altyn medaly getirdi. 66 kg agramda aýgytly tutluşykda gazak türgeni Ýermek Amangeldiden üstün çykan Hekim Agamämmedow Türkmenistanyň ýygyndysynyň medal gaznasynyň üstüni ikinji altyn medal bilen doldurdy.

Häzirki wagtda Türkmenistanyň ýygyndysy medal sanaşygynda öňde barýar. Onuň yzyndan Fransiýanyň, Şweýsariýanyň, Kubanyň ýygyndylary gelýär.
Bu gün erkekleriň arasynda üç agram toparyndaky (-90kg – 100kg, +100kg) we  zenanlaryň arasynda üç agram toparyndaky (-70kg, -78kg, +78kg) baýrak eýeleri kesgitlenilýär.
Awstriýadaky turnire 38 ýurtdan 311 türgen gatnaşýar.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.