Grem Potter «Çelsiniň» baş tälimçisi boldy

09.09.2022, 21:2711,266

«Çelsi» futbol klubunyň baş tälimçisi wezipesine angliýaly hünärmen Grem Potter bellenildi. Bu barada klubuň resmi saýty habar berdi. «Braýton» klubunyň öňki tälimçisi «Çelsi» bilen bäş ýyllyk şertnama baglanyşdy.

Bu wezipede ol nemes hünärmeni Tomas Tuheli çalyşdy. «Çelsi» Tuheli 7-nji sentýabrda Çempionlar ligasynyň toparlaýyn tapgyrynyň birinji duşuşygynda Zagrebiň «Dinamosyndan» utulandan (0:1) soň wezipesinden boşatdy.
Potter 47 ýaşynda, ol «Braýtonda» 2019-njy ýylyň maýyndan bäri işleýär. Onuň ýolbaşçylygynda klub Angliýanyň Premýer-ligasynyň alty tapgyryndan soň, 13 utuk bilen dördünji orny eýeleýär.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.