Türkmenistanyň Prezidenti we Halk Maslahatynyň Başlygy Hytaýa sapar bilen barmaga çagyryldy

16.09.2022, 07:3020,124

HHR-iň Başlygy Si Szinpin Prezident Serdar Berdimuhamedowy hem-de Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowy özleri üçin islendik amatly wagtda Hytaýa sapar bilen gelmäge çagyrdy. Bu çakylyk iki ýurduň Liderleriniň 15-nji sentýabrda Samarkantda geçirilen ikitaraplaýyn duşuşygynda beýan edildi.

Prezident Serdar Berdimuhamedow hem pursatdan peýdalanyp, Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpini özi üçin amatly wagtda Türkmenistana resmi sapar bilen gelmäge çagyrdy.