Angliýada elektrik energiýasyny tygşytlamak üçin futbol oýunlarynyň wagty üýtgedilip bilner

24.09.2022, 12:4412,281

Angliýanyň futbol ligasy (EFL) elektrik energiýasy üçin hasaplaryň galdyrylandygy sebäpli tygşytlylyk maksady bilen oýunlary gündizki wagta geçirmek meselesine sereder. Bu barada The Independent habar berýär. 

EFL ýurduň ikinji-dördünji diwiziony aralygyndaky toparlary birleşdirýär. Şunlukda, liganyň pikir soraşygyna 40 klub gatnaşdy, olaryň 63%-i oýunlaryň has irräk wagta geçirilmegi üçin ses berdiler. 
Şunuň ýaly çäre Angliýanyň Kubogynyň oýunlaryna hem degişli edilip bilner. 
Şeýle hem The Independent bir bölegi EFL-iň klublaryna gitjek maliýe serişdeleriniň Angliýasynyň premýer-ligasynyň (APL) klublarynyň arasynda täzeden paýlanmagynyň mümkindigini habar berýär. Şeýle-de , EFL-niň toparlarynyň 38%-i öz işgärleriniň aýlyk haklaryny peseltmäge-de taýýar. 

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.