Türkiýede Samsunda geçýän ýaryşda türkmen samboçylary ýene 3 medal gazandylar

24.09.2022, 17:0821,973

Türkiýäniň Samsun şäherinde FISU-nyň (Uniwersitet sportunyň halkara federasiýasy) howandarlygy astynda Talyplaryň arasynda başa-baş göreş boýunça dünýä kubogynyň çäklerinde geçýän ýaryşlarda türkmen türgenleri ýene üç medal gazandylar.

Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň 4-nji ýyl talyby Täzegül Huddyýewa 3-nji ýeri eýeläp, 54 kg agramda kümüş medala mynasyp boldy.
Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň 5-nji ýylynyň talyby Nyýazmyrat Babekow 64 kg agramlykda ikinji ýeri eýeledi.
Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň ikinji ýyl talyby Bagtyýar Bahramow 79 kg agramlykda çykyş edip, bürünç medalyň eýesi boldy.
Häzirki wagtda Samsunda geçýän ýaryşlarda Türkmenistanyň ýygyndysynyň medal gaznasynda 7 medal bar.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.