Gurbanguly Berdimuhamedow: Türkmen-hytaý gatnaşyklary nusga alarlyk. Bu ýerde hiç hili ulaltma ýok

04.10.2022, 22:248,701

— Türkmen-hytaý gatnaşyklaryna baha berşim barada aýdanymda, olara nusga alarlyk diýerdim. Bu ýerde hiç hili ulaltma ýok — diýip, Türkmenistanyň Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy Hytaý Halk Respublikasynyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň metbugat-attaşesi Wan Sziunyň hytaý-türkmen gatnaşyklarynyň ösüşine Gurbanguly Berdimuhamedowyň nähili baha berýändigi baradaky sowalyna jogap berdi. Söhbetdeşlik «Watan» habarlar gepleşiginiň agşamky sanynda görkezildi.

Söhbetdeşligiň barşynda Gurbanguly Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, türkmen-hytaý gatnaşyklarynyň häzirki mazmuny ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ileri   tutulýan   ugurlary we mümkinçilikleri babatda hem, ählumumy ösüşiň ugurlary babatda hem garaýyşlarda doly özara düşünişmek bilen kesgitlenendir.

«Hytaý Halk Respublikasynyň halkara giňişliginde Türkmenistana, biziň ýurdumyzyň Birleşen Milletler Guramasynda öňe sürýän başlangyçlaryna berýän goldawyny aýratyn bellemek isleýärin.
Öz nobatynda, Türkmenistan hem biziň hytaýly hyzmatdaşlarymyz üçin derwaýys meselelere, şol sanda Hytaý Halk Respublikasynyň çäkleriniň  bitewüligine we bölünmezligine degişli meselelere öz garaýyşlaryny hemişe anyk we aýdyň beýan edýär. Biz «bir Hytaý» syýasatyna berk eýerýäris, separatizmiň islendik ýüze çykmalaryna garşy çykyş edýäris» - diýip, Halk Maslahatynyň Başlygy belledi.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.