«Матч TB» Katardaky futbol dünýä çempionatynyň ähli oýunlaryny görkezer

06.10.2022, 09:509,125

Katarda geçjek 2022-nji ýylyň futbol boýunça dünýä çempionatynyň ähli oýunlary "Матч TB-de" görkeziler. Bu barada teleýaýlymyň saýtynda habar berilýär. 

Jemi 64 oýnuň hemmesi  "Матч TB-de" federal ýaýlymda, tematiki kanallarda we holdingiň sanly platformalarynda görkeziler diýip bellenýär.
"Матч TB-niň" baş prodýusseriniň orunbasary Wasiliý Konow öz Telegram-kanalynda ähli oýunlar federal efirde görkeziler diýip takyklady.

"Ulaltmazdan aýdýaryn - bu rus sport görkezilişi üçin möhüm we taryhy waka, munuň ýaly ýagdaý ilkinji gezek bolup geçýär" - diýip, Konow ýazdy.

DÇ-2022-niň jemleýji tapgyry 20-nji noýabrdan 18-nji dekabr aralygynda bäş şäheriň (Doha, Lusail, El-Haur, El-Wakra we Er-Raýýan) sekiz stadionynda geçer.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.