Messi: Katardaky dünýä çempionaty karýeramda iň soňkym bolar

06.10.2022, 23:1018,597

«PSŽ-niň» we Argentinanyň hüjümçisi Lionel Messi Katarda geçiriljek 2022-nji ýylyň dünýä çempionatynyň özi üçin iň soňky dünýä çempionaty boljakdygyny aýtdy. Şeýle diýmek bilen, argentinaly futbolçy 2026-njy ýylda geçiriljek indiki dünýä çempionatynda milli ýygyndysynyň düzüminde çykyş etmejekdigini ýaňzytdy.

«Bu dünýä çempionaty meniň üçin iň soňkym bolar, bu anyk. Karar berildi» — diýip, Messiniň sözlerini žurnalist Fabriso Romano getirýär.

2018-nji ýylyň dünýä çempionatynda Argentinanyň milli ýygyndysy 1/8 finalda fransuzlardan 3:4 hasabynda utuldy.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.