De Bruýne «Mançester Sitiniň» täze rekordyny goýdy

10.10.2022, 08:5211,532

Angliýanyň premýer-ligasynda (APL) "Mançester Siti" klubunyň ýarym goragçysy Kewin De Bruýne netijeli paslarynyň sany boýunça klubuň rekordyny goýdy diýip, APL-nyň resmi saýty habar berýär. 

Angliýanyň çempionatynyň dokuzynjy tapgyrynda "Mançester Siti" 4:0 hasap bilen "Sautgemptony" derbi-dagyn edip ýeňdi. Belgiýaly türgen bu oýunda bir sany netijeli pas bermek bilen, öz netijeli paslarynyň sanyny 94-e ýetirdi. Bu toparyň bütin taryhynda iň oňat görkezijidir.
Ozal rekord 93 sany netijeli pas beren ispaniýaly türgen Dawid Silwä degişlidi.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.