FIFA klublara 200 mln dollardan gowrak öwez tölegini tölär

12.10.2022, 17:537,516

Futbolyň halkara federasiýasy (FIFA) oýunçylarynyň Katarda geçjek 2022-nji ýylyň futbol boýunça dünýä çempionatynda oýnajak oýunlary üçin öwez tölegini almak isleýän klublardan sargytnamalary kabul etmäge başlady, şu maksat üçin jemi 209 mln dollar bölünip berildi diýip, FIFA-nyň resmi saýty ýazýar. 

Oýunçynyň dünýä çempionatynyň jemleýji tapgyry wagtynda  we resmi taýýarlyk döwründe milli ýygyndynyň düzüminde bolan her güni üçin klublaryň 10 müň dollar möçberinde öwez tölegini almaga haky bardyr.
Öwez tölegi futbolçynyň soňky iki ýylyň dowamynda oýnan ähli klublaryna tölener. Şeýle pul möçberi 2018-nji ýylda Russiýada geçen futbol boýunça dünýä çempionatyndan soň 63 milli assosiasiadan bolan 416 klubyň arasynda paýlanypdy.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.