Audi-niň elektrokarlary hereket edende we zarýad alanda howany arassalarlar

16.10.2022, 09:4510,632

Audi e-tron hatarynyň geljekki modelleri hemmäniň dem alýan howasyny arassalamany öwrederler. Bu funksiýa elektromobillerde hereket eden wagtlary we zarýad alýan mahallary işlär. 

Audi taslamanyň üstünde Mann ulag toplumlaryny öndüriji bilen bilelikde işleýär. Netijede howadaky gaty bölejikleri ýygnamak üçin täze gurum süzgüji döremeli. Onuň işleýşi binalaryň howasyny arassalaýan stasionar ulgamyňka meňzeş bolar.
Süzgüji öň tarapda, radiatoryň gözeneginiň aňyrsynda oturdarlar. Hereket wagtynda ol  howadan uçup gelýän bölejikleritebigy usulda  saklar. Ulag durka zarýad alanda wentilýator işläp başlar, ol akumy süzgüç tarapa toplar.   
Ulgam heniz tapgyrlaýyn çykarylanok, ýöne ony häzir çykarylýan Audi elektromobillerinde synagdan edip görýärler. Şeýle elektromobilleriň geçen ýoly deňeşdireňde az, ýöne  ulag  50 000 kilometr geçenden soň, işläp taýýarlaýjylar oturdylan goşmaça süzgüjiň ulagyň öz toplumlarynyň işine hiç hili ýaramaz täsirini görmediler. 

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.