Serdar Berdimuhamedow we Gurbanguly Berdimuhamedow Si Szinpini gaýtadan saýlanmagy bilen gutladylar

23.10.2022, 16:0514,755

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow we Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpine Hytaýyň Kommunistik Partiýasynyň Merkezi Komitetiniň baş sekretary wezipesine gaýtadan saýlanmagy mynasybetli gutlag iberdiler.

Gutlaglary Türkmenistanyň DIM-niň ýolbaşçylygy HHR-iň ilçisi Sýan Naýçen bilen ýekşenbe güni geçiren duşuşygynda gowşurdy diýip, türkmen daşary syýasat edarasynyň saýty habar berýär.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.