Infantino FIFA-nyň prezident saýlawlarynda ýeňiş gazanjakdygyna ynanýar

24.10.2022, 09:556,592

Halkara futbol federasiýasynyň (FIFA) prezidenti Janni Infantino şenbe güni guramanyň baştutanynyň öňde duran saýlawlarynda özüniň ýeňiş gazanjakdygyna ynamynyň bardygyny mälim etdi.

31-nji martda ol guramanyň ýolbaşçysynyň saýlawlaryna öz dalaşgärligini hödürlejekdigini habar beripdi. 23-nji iýunda FIFA-nyň metbugat gullugy saýlawyň geçjek kongresiniň 2023-nji ýylyň 16-njy martynda Kigalide (Ruanda) boljakdygyny yglan etdi.

"Ýeňiş gazanjakdygyma ynanýan, sebäbi tutuş dünýäden goldaw tapýan - diýip,  Infantino  Oklendde FIFA Geňeşiniň mejlisiniň jemleri boýunça geçen metbugat maslahatynda aýtdy. - Futbol sportuň topar bolup oýnalýan görnüşi, FIFA-nyň öňe gitmegi hem toparyň işine bagly. Munuň üçin bütin dünýä seni goldaýan bolmaly".

Italiýaly Infantino guramanyň prezidentligine 2016-njy ýylyň fewralynda nobatdan daşary kongresde saýlanypdy.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.