«PSŽ» Messä täze şertnama hödürlär

25.10.2022, 17:4015,413

«PSŽ» argentinaly hüjümçisi Lionel Messi bilen täze şertnama baglanyşmagyň üstünde işleýär diýip, žurnalist Adrian Grenýe Le Parisien neşirine salgylanyp «twitterinde» ýazýar.

Çeşmäniň berýän maglumatyna görä, «PSŽ» argentinaly hüjümçä 2024-nji ýyla çenli, ýene bir möwsüm uzaltmak mümkinçiligi bilen, şertnama ylalaşygyny teklip etdi. Şeýle-de, häzirki wagtda geleşigiň maliýe şertleri ara alnyp maslahatlaşylýar. 
Messiniň 2021-nji ýyldan bäri «PSŽ-de» çykyş edýär. Onuň klub bilen baglaşan şertnamasynyň möhleti 2023-nji ýyla çenli diýip göz öňünde tutulan. Transfermarkt portaly futbolçynyň bahasy 50 mln ýewro diýip bahalandyrýar. 

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.