Russiýada ilkinji rus Evolute elektromobiliniň satuwy başlandy

29.10.2022, 03:0222,138

Russiýanyň "Motorinwest" ulag öndürijisi Evolute i-Pro sedanlaryny satyp başlady diýip, kompaniýanyň habarynda aýdylýar.

"Motorinwest" rus Evolute elektromobilleriniň satlyga çykandygyny bildiriş etdi. Bu Russiýada rus alyjylaryna niýetlenip çykarylan ilkinji elektromobillerdir. Evolute hatarynyň modeli  - sedan i-Pro eýýäm brendiň resmi dilerlerinde bar" - diýip, kompaniýada bellediler.
Sentýabr aýynyň aýagynda "Motorinwestiň" Lipesk oblastyndaky zawodynda Russiýada Evolute brendi astynda ilkinji elektromobilleriň tapgyrlaýyn önümçiligi goýberildi. Konweýerden ilkinji bolup Evolute i-Pro sedan modeli çykdy.
Sedan kuzowly Evolute i-Pro elektromobili ýöreýiş ätiýajy 420 km (NEDC sikli boýunça) bolan  53 kWt sygymly çekiji batareýa bilen enjamlaşdyrylan.  Elektrohereketlendirijisiniň kuwwaty  150 at güýjüne deň.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.