Gurbanguly Berdimuhamedow Moskwa bardy

01.11.2022, 18:1127,593

Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Russiýa Federasiýasynyň paýtagty Moskwa bardy. Russiýanyň habar beriş serişdeleriniň habar bermegine görä, dostlukly sapar 3 günläp dowam eder.

Moskwanyň «Wnukowo-2» Halkara howa menzilinde ýokary derejeli myhmany Russiýa Federasiýasynyň Federal Ýygnagynyň Federasiýa Geňeşiniň Başlygy Walentina Matwiýenko garşylady. Gurbanguly Berdimuhamedow saparynyň çäginde türkmen-rus hyzmatdaşlygyna bagyşlanan fotosergä gatnaşar, Federasiýa Geňeşinde çykyş eder, şeýle hem rus senatorlarynyň gatnaşmagynda «tegelek stol» geçirer.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.