2022-nji ýylyň iň gymmat kompaniýalary yglan edildi

09.11.2022, 06:2611,737
1 / 2

Interbrand-yň profil gory 2022-nji ýylda dünýäde iň gymmat kompaniýalaryň reýtingi bilen tanyşdyrdy. Apple ýene-de sanawyň başyny çekdi.

Apple kompaniýasy on ýyl bäri yzygider birinji ýerde durýar. Şu ýyl korporasiýanyň bahasy 482,2 mlrd dollardyr. Bu 2021-nji ýyla garanda 18% köpdür. 
Öňdäkileriň bäşliginde diňe bir kompaniýa ABŞ degişli däldir. Koreýanyň Samsung kompaniýasy 87,7 mlrd dollary bilen bäşinji ýere düşdi.  
Bilermenler 2022-nji ýylyň kompaniýalar üçin has şowly ýyl bolandygyny mälim etdiler. Ählisiniň bahasy ortaça 16% ýokarlandy. Hemme öňdebaryjylaryň jemi bahasy rekord 3,1 trillion dollardyr. 

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.