Reuters: Maskyň baýlygy “Twitteri” satyn alandan soň $70 mlrd azaldy

11.11.2022, 08:295,336

Telekeçi Ilon Maskyň baýlygy Twitter kompaniýasyny satyn alandygy baradaky ilkinji habarlar peýda bolandan soň $70 mlrd azaldy. Bu barada Reuters agentligine salgylanyp, gazeta.ru habar berýär.

Agentligiň maglumatlaryna görä, häzir Maskyň baýlygy 194,8 mlrd dollar bilen bahalandyrylýar. Munuň sebäbi Tesla kompaniýasynyň paýnamalarynyň hümmetiniň pese gaçmagy bilen baglanyşyklydyr.
Habarda bellenilişi ýaly, maýadarlar häzirki wagtda telekeçiniň elektromobil ugry boýunça işe ýeterlik derejede üns bermeýändiginden, bu ugurda bäsdeşligiň bolsa güýçlenýändiginden çekinýärler.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.