Türki Döwletleriň Guramasyna täze Baş sekretar saýlandy

11.11.2022, 13:218,674

Türki Döwletleriň Guramasynyň (TDG) agza döwletleriniň Baştutanlarynyň karary bilen Gyrgyzystanyň wekili Kubanyçbek Omuraliýew TDG Baş sekretar wezipesine saýlandy.

Degişli karar şu gün Samarkantda geçirilýän Türki Döwletleriň Guramasynyň sammitiniň barşynda kabul edildi.
Kubanyçbek Omuraliýew ondan öň, Gyrgyzystanyň Türkiýedäki we Ysraýyldaky ilçisi wezipesinde işleýärdi.

TDG-niň Baş sekretary 3 ýyl möhlete saýlanýar. Mundan öň, bu wezipäni H.Akynjy (Türkiýe), R.Gasan (Azerbaýjan), Bagdad Amreýew (Gazagystan) eýeläpdi.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.