Serdar Berdimuhamedow gyrgyz kärdeşi Sadyr Žaparow bilen duşuşdy

Düýn, 20:301,846

Şu gün «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti Sadyr Žaparowyň arasynda duşuşyk geçirildi. Bu barada gyrgyz Lideriniň resmi saýtynda habar berilýär.

Gepleşikleriň dowamynda döwlet Baştutanlary doganlyk we strategik häsiýete eýe bolan ikitaraplaýyn gatnaşyklary ösdürmegiň möhüm meselelerini ara alyp maslahatlaşdy.

Duşuşykda söwda-ykdysady, energetika we ulag-logistika ulgamlarynda hyzmatdaşlygy giňeltmäge aýratyn üns berildi.

Sadyr Žaparow gazanylan ylalaşyklaryň iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklary we özara bähbitli hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge täze itergi berjekdigine ynam bildirdi.

Mundan öň Gyrgyzystanyň Prezidenti Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Azerbaýjanyň döwlet Baştutanlarynyň 8-nji konsultatiw duşuşygyna gatnaşyp, ol ýerdäki çykyşynda umumy söwda onlaýn platformasyny we umumy syýahatçylyk giňişligini döretmek bilen bagly teklipleri öňe sürüpdi.