Serdar Berdimuhamedow RF-niň wise-premýeri Alekseý Owerçugy kabul etdi

16.11.2022, 08:209,749

15-nji noýabrda Prezident Serdar Berdimuhamedow öz ýurdunyň wekiliýetine ýolbaşçylyk edip Türkmenistana gelen Russiýa Federasiýasynyň Hökümetiniň Başlygynyň orunbasary, Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-rus hökümetara toparynyň rus tarapynyň başlygy Alekseý Owerçugy kabul etdi.

Duşuşygyň dowamynda ozal gazanylan ylalaşyklary durmuşa geçirmek hem-de geljek üçin meýilnamalar bilen baglylykda, hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýy we geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy.
Şeýle hem
 netijeli häsiýete eýe bolan söwda-ykdysady we ylmy-tehniki ulgamlardaky hyzmatdaşlyga aýratyn üns berildi. Soňky ýyllarda özara haryt dolanyşygynyň depginli ösýändigi bellenildi. Nebitgaz, senagat, ulag, logistika, söwda we birnäçe beýleki pudaklar hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlarynyň hatarynda bellenildi.
Russiýa Federasiýasynyň wekiliýetiniň Aşgabada şu gezekki saparynyň çäklerinde meýilleşdirilen ikitaraplaýyn duşuşyklaryň hyzmatdaşlygyň esasy ugurlaryny ara alyp maslahatlaşmaga hem-de onuň geljegi uly ugurlaryny kesgitlemäge mümkinçilik berjekdigine ynam bildirildi.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.