Katardaky futbol boýunça dünýä çempionatynyň ilkinji oýny näçede başlanýar

19.11.2022, 19:5527,793
1 / 2

Katarda geçiriljek futbol boýunça 2022-nji ýylyň dünýä çempionaty ertir, 20-nji noýabrda başlanar. Ýaryşyň açylyş duşuşygynda Kataryň we Ekwadoryň milli ýygyndylary duşuşar. TmCars.info dünýä çempionatynyň duşuşyklarynyň netijeleri, onuň barşynda täzelikler bilen okyjylarymyzy yzygiderli tanyşdyryp durar.

Açylyş duşuşygy 20-nji noýabrda aşgabat wagty bilen 21:00-da başlanar.
Duşuşyk 60 müň adamlyk «Al-Baýt» stadionynda geçiriler. 
Dünýä çempionatynyň ähli duşuşyklaryny «Матч ТВ» teleýaýlymy görkezer.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.