Infantino dünýä çempionatyny Demirgazyk Koreýada geçirmäge taýýardygyny aýtdy

20.11.2022, 21:0317,064

FIFA-nyň prezidenti Janni Infantino guramanyň howandarlygynda ýaryşyň Demirgazyk Koreýada geçirilip bilinjekdigini aýtdy. Bu barada sport24.ru habar berýär.

“FIFA – bu global futbol guramasy. Biz syýasatçylar däl-de, futbol adamlary, biz adamlary birleşdirmek isleýäris”.

Islendik ýurt ýaryşy [FIFA-nyň howandarlygynda] geçirip biler. Eger Demirgazyk Koreýa haýsydyr bir ýaryşy kabul etmek islese... Aslynda, men birnäçe ýyl mundan ozal demirgazyk koreýalylardan Günorta Koreýa bilen bilelikde zenan toparlaryň arasynda dünýä çempionatyny geçirmäge taýýardyklaryny ýa-da ýokdugyny soramak üçin Demirgazyk Koreýa gitdim. Ýöne başa barmady, elbetde, men eger kömek etse 100 gezek hem sorardym.
Diňe ylalaşyk hakyky üýtgeşmelere getirip biler. Biz global gurama we dünýäni birleşdirýän gurama bolup galmak isleýäris” – diýip, Daily Mail Infantinonyň sözlerini getirýär.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.