Dünýä çempionaty — 2022-niň ilkinji duşuşygy Ekwadoryň ynamly ýeňşi bilen tamamlandy

20.11.2022, 23:3015,769

Şu gün, 20-nji noýabrda futbol boýunça Dünýä çempionatynyň ilkinji duşuşygynda Katar Ekwadoryň ýygyndysy bilen duşuşdy. Duşuşyk El-Hauredäki «El-Baýt» stadionynda oýnaldy we ekwadorlylaryň peýdasyna 2:0 hasap bilen tamamlandy.

22-nji Dünýä çempionatynyň ilkinji duşuşygynda Enner Walensiýa dubl etdi (16-njy min., pen., 31-nji min.). Ynamly ýeňşi mynasybetli Ekwador öz toparynda (A) 3 utuk bilen birinji orna geçdi, Katar bolsa dördünji ýere düşdi.
Futbol baýramçylygy ýaňy başlandy. TmCars.info okyjylaryny futbol duşuşyklarynyň netijeleri hem-de olardaky gyzykly täzelikler bilen yzygiderli tanyşdyryp durar.

Ertir, 21-nji noýabrda şu duşuşyklar geçiriler (Aşgabat wagty bilen):

Topar Sene, wagty Duşuşyklar
B topar 21.11.2022  18:00 Angliýa – Eýran
A topar 21.11.2022  21:00 Senegal – Niderlandlar
B topar 21.11.2022  00:00 ABŞ – Uels

 

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.