Serdar Berdimuhamedow Indoneziýanyň Prezidentine gynanç bildirdi

23.11.2022, 08:5233,955
1 / 6

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Indoneziýa Respublikasynyň Prezidenti Joko Widodo Indoneziýanyň Ýawa adasynda bolup geçen, adam pidalaryna hem-de köp sanly şikes ýetmelerine getiren ýertitremesi zerarly gynanç hatyny iberdi.

Türkmenistanyň Prezidenti şu agyr pursatda gurban bolanlaryň maşgalalaryna, dogan-garyndaşlaryna we ýakynlaryna ýurdumyzyň halkynyň, Hökümetiniň adyndan, şeýle-de hut öz adyndan çuňňur gynanjyny, medet beriji sözlerini ýetirdi, ejir çekenlere bolsa tiz wagtda sagalmaklary baradaky dileglerini beýan etdi.

21-nji noýabrda Indoneziýada bolup geçen 5,1 magnitudaly ýer titremäniň pidalarynyň sany 268-e ýetdi. Bu barada Indoneziýanyň tebigy betbagtçylyklara garşy göreşmek boýunça milli agentligi habar berýär.
Ýer titremäniň epi merkezi paýtagt Jakartadan 74 km günorta-gündogarda ýerleşdi.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.