Hosep Gwardiola «Mançester Siti» bilen şertnamasyny uzaltdy

23.11.2022, 10:579,441

"Mançester Siti" baş tälimçisi Hosep Gwardiola bilen şertnamasyny uzaltdy. Klubuň metbugat gullugynyň habar bermegine görä, täze şertnama 2025-nji ýylyň tomsuna çenli hereket eder.

Klubuň saýtynda habar berlişi ýaly, Gwardiolanyň ýolbaşçylygynda «Siti» 11 sany uly baýrak gazandy, şolaryň hatarynda Premýer-ligada soňky bäş möwsümiň dördüsinde ýeňiş bar.
Ýaryşlaryň ählisinde ol 374 oýundan 271-sinde ýeňiş gaznady. Onuň ýeňiş göterimi 72,4%-e deň. Geçen döwürde «Siti» 921 gol geçirdi, ortaça her oýunda 2,46 gol.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.