Gurban Berdiýew «Traktor» klubundan gitmäge taýýarlanýar

24.11.2022, 10:3118,183

Eýranyň «Traktor» futbol klubunyň baş tälimçisi Gurban Berdiýew klubuň ýolbaşçylygyndan özüni wezipesinden boşatmagyny sorady. Sebäp — rus futbolyna dolanyp barmak zerurlygy. Bu barada penşenbe güni «Traktor» klubunyň metbugat-gullugy habar berdi.

"Soňky günlerde meniň rus futbolyna dolanyp barmagym babatda meseleler maslahatlaşyldy, Russiýanyň klublary bilen çynlakaý gepleşikler geçirildi, şu gün men «Traktoryň» ýolbaşçylaryndan meni eýeleýän wezipämden boşatmaklaryny resmi taýdan soradym. Men diňe ahlak borjum hem-de içki ymtylyşym zerarly gidýärin, men Russiýa dolanmaly» - diýip, klubuň metbugat gullugy Berdiýewiň sözlerini getirýär.

Berdiýew iýun aýynda «Traktor» klubunyň baş tälimçisi hem-de tehniki direktory bellenildi. Onuň ýolbaşçylygynda klub  11 duşuşyk geçirip, dört ýeňiş gazandy, dört gezek ýeňlip, üç gezek deňme-deň oýnady. Klub Eýranyň çempionatynyň jedwelinde 15 utuk bilen ýedinji orny eýeleýär.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.