Braziliýa futbol boýunça dünýä çempionatynda Serbiýadan üstün çykdy

25.11.2022, 03:467,172

Braziliýanyň futbol boýunça milli ýygyndysy Katardaky Dünýä çempionaty — 2022-niň toparlaýyn tapgyrynyň birinji duşuşygynda Serbiýadan üstün çykdy.

Lusailde geçirilen duşuşyk 2:0 hasabynda tamamlandy. Braziliýanyň düzüminde Rişarlison dubl etdi (62-nji, 73-nji minutlar).
Braziliýa we Serbiýa G toparda çykyş edýär, şeýle hem bu toparda Kamerun bilen Şweýsariýa bar. Birinji tapgyrdan saoň, braziliýalylar bilen şweýsariýalylar 3 utuk bilen öňdeligi eýeleýär.
Ikinji tapgyrda 28-nji noýabrda Braziliýa — Şweýsariýa hem-de Serbiýa — Kamerun duşuşyklary geçiriler.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.