DÇ — 2022: Eýran 90+9 minutda gol salyp, Uelsden üstün çykdy

25.11.2022, 12:2215,505

Katarda dünýä çempionatynyň toparlaýyn tapgyrynyň Uels bilen Eýranyň arasynda duşuşygy tamamlandy. Er-Raýanda «Ahmed bin Ali» stadionynda geçirilen dartgynly duşuşykda Eýran 2:0 hasap bilen ýeňdi.

Duşuşygyň barşynda eýranlylaryň 2 urgusy derwezäniň sütünine degdi: ilki Serdar Azmun, soňra bolsa Golizade.
86-njy minutda duşuşygyň emini Uelsiň derwezebanyna gyzyl duýduryş berdi. Onuň ornuna derwezä Denni Uord geçdi.

Eýran ilkinji goluny 90+9-njy minutda geçirdi, ony Rouzbeş Çeşmi geçirdi. Iki minut soňra bolsa, goragçy Ramin Rezaýan gutarnykly hasaby goýdy.
Birinji duşuşygynda Uels ABŞ bilen deňme-deň oýnady (1:1), Eýran 2:6 hasap bilen Angliýadan utuldy. Şu gün şeýle hem Angliýa — ABŞ duşuşygy geçiriler. Duşuşyk aşgabat wagty bilen 00:00-da başlanar.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.