Fransiýa Daniýany ýeňip, ilkinji bolup dünýä çempionatynyň pleý-off tapgyryna çykdy

26.11.2022, 18:3011,203

Fransiýanyň milli ýygyndysynyň futbolçylary Katarda geçirilýän dünýä çempionatynyň toparlaýyn tapgyrynyň ikinji duşuşygynda Daniýadan üstün çykdylar.

Dohada geçirilen duşuşyk 2:1 hasap bilen tamamlandy. Fransiýanyň düzüminde Kilian Mbappe dubl etdi (61-nji we 86-njy minut). Daniýadan Andreas Kristensen (68) gol geçirdi.
D toparda çykyş edýän Fransiýanyň hasabynda 6 utuk bar. Ikinji ýerde 3 utuk bilen Awstraliýa ýerleşýär. Daniýa we Tunis 1 utuk bilen üçünji hem-de dördünji ýerde ýerleşýär.
Üçünji tapgyrda Fransiýa Tunis bilen, Daniýa bolsa Awstraliýa bilen duşuşar. Duşuşyklaryň ikisi hem 30-njy noýabrda geçer.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.