Apple iPhone üçin 2022-nji ýylyň iň gowy goşundysyny saýlady

30.11.2022, 11:047,816

Amerikanyň Apple kompaniýasy Instagrama meňzeş BeReal diýlip atlandyrylýan goşundyny iPhone smartfonlary üçin iň gowy goşundy hökmünde saýlady. Bu barada Kupertinodaky korporasiýanyň saýtynda habar berilýär.

Taslama App Store Awards 2022-niň jemleri boýunça sylaga mynasyp boldy. Kompaniýa bäsleşigiň çäklerinde öz gajetleri üçin iň gowy goşundylary saýlaýar. BeReal hyzmaty - Instagrama meňzeş bolup, onda filtrleri ýa-da nykaplary goýmak bolmaýar, suratlary bolsa habarlary alanyň yzýany almak we çap etmek teklip edilýär.  
Awtorlar şeýtmek bilen ulanyjylary durmuşy, owadanlamazdan, hakyky bolşunda görkezmäge çagyrýarlar. Aňrybaş owadanlaşdyrmaga synanyşyp, sahnalaşdyrylan suratlary goýýandyklary üçin  Instagramyň blogerlerini mydama tankytlap gelýärler. 
iPad planşetleri üçin bellikler ýöredilýän GoodNotes, Mac kompýuterleri üçin - MacFamilyTree 10, Apple Watch akylly sagatlar üçin - Gentler Streak ýylyň goşundysy boldy. Top-a jemi 16 programma girdi, olaryň sekizisi - oýunlar.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.